Emeli aň alypbaryjylary habarlary ýetirmegiň usulyny üýtgeder
03.04.2024 | 10:43 |«Channel 1» amerikan telekompaniýasy anyk bir ulanyja onuň üçin gyzykly görnüşde täzelikleri hödürlejek täze hyzmaty yglan etdi.
Ýörite döredilen emeli aň modeli bir wagtyň özünde we gysga wagtyň içinde birnäçe maglumat çeşmesini derňemäge ukyplydyr. Täze emeli aň täzelik döredenok, diňe degişli maglumatlara üns çekmek bilen, olary ýetirmegiň usulyny üýtgedýär.
Ol iki bölekden ybarat – daşarky we içerki. Birinji bölek islendik dilde gürläp bilýän, üm-yşaratlary we beden dilini ulanyp bilýän fotorealistik wirtual alypbaryjylardyr. Maglumat resmi çeşmelerden, habar hyzmatlaryndan we jemgyýetçilik platformalaryndan alynýar.
Emeli aňyň ikinji bölegi ulanyjynyň isleglerini seljerýär. Ol habara gyzykly aýratynlyklary goşmak üçin hakyky wagtda sosial ulgamlar ýa-da fond biržalarynyň görkezijileri ýaly birnäçe çeşmäni öwrenip biler. Emeli aň hatda žurnalistleriň kameralary tarapyndan düşürilmedik zady hem tamamlap biler.
Ulanyjynyň özi mobil programmada wakalary «kimiň» we «nädip» aýtjakdygyny sazlaýar.
ORIENT news