Iň täze habarlar

Wan Teng Tomas «Redmi» brendiniň täze ýolbaşçysy boldy

01.04.2024 | 16:44 |
 Wan Teng Tomas «Redmi» brendiniň täze ýolbaşçysy boldy

«Xiaomi» kompaniýasynda täze önümler boýunça direktor wezipesinde işlän Wan Teng Tomas kompaniýa degişli «Redmi» brendiniň dürli elektronika enjamlarynyň baş müdiri boldy.

Bu barada «Xiaomi» kompaniýasynyň prezidenti Lu Weýbing habar berdi.

«Bäş ýyl ozal men resmi taýdan «Redmi» brendiniň baş müdiri boldum. Soňky bäş ýyldaky her täze önüm we her söweş gowy ýadymda. Şu gün men «Redmi-niň» söweşjeň ruhuny alamatlandyrýan «ellikleri» Wan Teng Tomasa gowşurýaryn» diýip, «Xiaomi» kompaniýasynyň başlygy belledi.

ORIENT news

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: