Microsoft Windows we Surface üçin täze ýolbaşçy belledi
28.03.2024 | 09:27 |Microsoft-yň Windows operasion ulgamyny we Surface enjamlaryny işläp düzýän bölüminiň täze ýolbaşçysy wezipesine Madrasdaky Hindistanyň tehnologiýalar institutynyň uçurymy bellenildi.
Mundan öň Dawuluri Surface bölümine ýolbaşçylyk etdi.
Windows we Surface bölüminiň ýolbaşçysy wezipesinde Pawan Dawuluri Microsoft-yň wise prezidenti we Experiences and Devices bölüminiň ýolbaşçysy Rajeş Janyň garamagynda bolar.
Dawuluri Microsoft-da 23 ýyldan gowrak zähmet çekdi we Qualcomm hem-de AMD kompaniýalary bilen bilelikde Surface enjamlary üçin prosessorlary işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşdy.
Microsoft-yň Windows operasion ulgamyny işläp taýýarlamaga jogapkär bölüminiň ýolbaşçysyny çalyşmak çözgüdi geçen ýylda kompaniýanyň önümler boýunça direktory Panos Panaý Microsoft-dan gidenden soňra kabul edildi. Ol köp ýyllaryň dowamynda Windows-y we Surface enjamlaryny işläp taýýarlamak işine ýolbaşçylyk etdi.
Mundan soňra Surface enjamlaryny işläp taýýarlaýan bölüme Pawan Dawuluri, Windows we web serwisler bölümine bolsa Mihail Parahin ýolbaşçylyk edýär.
ORIENT news