Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan parahatçylyk we ösüş üçin Bitaraplyga ünsi jemleýär
02.03.2024 | 14:40 |Halkara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy biziň öňümizde birnäçe düýpli soraglary goýýar. Özi-de, diňe bir syýasy, ykdysady, hukuk babatda däl-de, eýsem ahlak, adalatlylyk we abraý-mertebe gatnaşyklaryna degişli çynlakaý soraglary hem goýýar, diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji martda üçünji Antalýa diplomatik forumynda eden çykyşynda aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň pikiriçe, häzirki wagtda bu düşünjeler bitewülikde bolup, olar - birleşýärler, şonuň üçin syýasy howpsuzlygy, durnukly we ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin, taryhy ornuna, ilatynyň sanyna, jemi içerki önüminiň mukdaryna, harby mümkinçiligine ýa-da tehnologiki ösüş derejesine garamazdan ähli halklar we döwletler bu işe doly çekilmeli.
Bu meselede Türkmenistanyň garaýşy berk we aýdyňdyr: bu sorag diňe ählumumy tagallalar arkaly, halkara hukugynyň ykrar edilen kadalary we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda çözülip bilner we çözülmelidir, diýip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň belledi.
Ol 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň umumy mejlisinde biziň ýurdumyzyň Milletler Bileleşiginiň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek teklibini öňe sürendigini, “biz muny XXI asyrda döwletara we halkara gatnaşyklarynyň gurluşy baradaky garaýyşlaryň hem-de kadalaryň ulgamy we ony gazanmagyň gurallary hökmünde görýäris” diýmek bilen ýatlap geçdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow, eýsem, Türkmenistanyň haýsy başlangyçlary teklip edýändigi barada aýdyp, şu garaýşy öňe sürdi: "Ilki bilen biz, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyna laýyklykda syýasy orny we täsiri diňe artýan ösýän ýurtlaryň örän aýdyň we täsirli ornuny görýäris we bu bolsa, yzygiderli we oňyn ýagdaýdyr".
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan ählumumy howpsuzlygy güýçlendirmek bilen, diňe bir syýasy nukdaýnazardan däl, eýsem ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça sebit guramalary we döwletara birleşikleri arkaly bu işi güýçlendirmegi maksadalaýyk hasaplaýar.
Şeýle hem ol, bu wezipeleri ýerine ýetirmekde esasy guralyň Bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliginiň, gyzyklanmalary göz öňünde tutup, howpsuz we yzygiderli ählumumy arhitekturany döretmäge gönükdirilen bitewi dialogy gurmagyň şertlerini üpjün etmegiň möhüm elementi bolup durýandygyny görkezdi.
Muny tassyklamakda Halk Maslahatynyň Başlygy, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň we sebitdäki ähli ýurtlaryň goldawy bilen biragyzdan kabul eden karary bilen döredilen Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine salgylandy.
Gurbanguly Berdimuhamedow: "Bitaraplyk, onuň kadalary we amaly usullary häzirki wagtda halkara bileleşiginde ulanylýan mümkinçiliklerinden has täsirli we has giň bolmalydygyny nygtady. - Bitaraplyk derejesi toparlanyşyklara gatnaşmazlyk hukuk ýagdaýy harby güýji ulanmazlygy we dawalara gatnaşmazlygy göz öňünde tutýar. Şu garaýyşlara näçe köp döwlet eýerse, şeýle çemeleşmäniň tarapdarlary näçe köp bolsa, güýç ulanmak bilen gapma-garşylyklaryň döremek ähtimallygy şonça-da az bolýar".
Bitaraplyk sagdyn we jogapkärli güýçler, döwletler ýa-da ýurtlaryň topary üçin garaýyşlaryň binýady bolup biler. Bu garaýyşlar gapma-garşylykly ýagdaýlary aradan aýyrýar. Ýüze çykýan dawalar nähili kyn hem-de dowamly bolsa-da, olary parahatçylykly usullar bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyny görkezýär. Şeýle hem ol, Türkmenistanyň BMG-de Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek başlangyjyny öňe sürendigini we onlarça ýurduň eýýäm bu pikire goşulandygyny aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda geçiş ykdysadyýeti bolan ýurtlaryň geçiş döwründe täsirini ýokarlandyrmaga we häzirki zaman dünýä tertibiniň esasy proseslerine doly gatnaşmagy üçin şertleri üpjün etmäge ünsi çekmek bilen, “Geljegiň ykdysadyýetiniň nusgasy hökmünde bu işlerde gymmatlyklary paýlamaga, olary eltmegiň serişdelerini we ugurlaryny peýdalanmaga uly üns berilmelidir. Täze çemeleşmeleri tapawutlandyrmazdan, syýasylaşdyrma we kemsitmelere ýol berilmeli däldir”-diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Bu ugurda ol iki esasy ugry kesgitledi: energetikanyň utgaşdyrylmagy we ulag baglanyşygy.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýollar boýunça Türkmenistanyň strategiki ugruny görkezip, pes uglerodly energetika geçişini, “ýaşyl” gün tertibi bilen kesgitlenýän adaty energiýa çeşmelerini täze çeşmeler bilen utgaşdyrmak we sinhronlamak meselesini belläp geçdi.
"Bu ugurda biz «ýaşyl diplomatiýa» we dünýäde hyzmatdaşlyk etmegiň şeýle nusgasyny ileri tutmaga aýratyn orun berýäris. Bu nusgalar bilelikdäki jogapkärçilige, korporatiw we toparlaýyn bähbitleri ýeňip geçmäge, umumy bähbitlere we geljege hyzmat etmäge esaslanmalydyr" diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Türkmenistanyň Hazar we Gara deňizlerden geçýän Ýewraziýa multimodal ulag we üstaşyr taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýändigini, Ýewropany, Ýakyn Gündogary we Aziýa-Ýuwaş umman sebitini ylalaşylan kadalar we ölçegler bilen bitewi ulag ulgamyna birleşdirýändigini we bu tagallalaryň üstünde işleýändigini aýtdy. Bu tagallalar BMG derejesinde goldawy we çözgüdi talap edýär.
Diplomatiýanyň wezipesi we düýp manysy gepleşikleri geçirmekdir, ylalaşygy gözlemekdir, özara hyzmatdaşlygyň berk köprüsini gurmakdyr. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň tagallalary hem şu ugurlara gönükdirilendir, diýdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri: "Biz Bitaraplygymyzy, toplan ylalaşdyryjylyk tejribämizi parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine öz goşandymyzy goşmaga gönükdirmek üçin hemişe taýýardyrys".
ORIENT news