Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýa diplomatiýa forumynda çykyş eder

01.03.2024 | 12:25 |
 Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýa diplomatiýa forumynda çykyş eder

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 90-a golaý ýurtdan döwlet Baştutanlaryň, ministrleriň gatnaşmagynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän Diplomatiýa forumynyň açylyş dabarasynda ilkinjileriň hatarynda çykyş eder. Bu barada “TASS” habarlar agentligi mälim edýär.

Forumyň çäklerinde 40-a golaý plenar mejlsiler geçiriler. Olarda halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri maslahatlaşylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen bilelikde, açylyş dabarasynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Eswatininiň Patyşasy Mswati III, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban çykyş eder.

Gatnaşyjylaryň hatarynda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň daşary işler ministrleri, Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary bar. Forumda şeýle hem Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretary Mariýa Peýçinowiç-Buriç, ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid çykyş ederler.

Üçünji gezek geçirilýän forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekiler.

ORIENT news

Foto: aa.com.tr

Şeýle hem okaň: