Lebap welaýatynda 30 ýyllyk ýeňillikli karzlaryň hasabyna 165 sany ýaşaýyş jaýy gurulýar
25.01.2024 | 11:25 |“Pisseli”, “Arzuwly ugur”, “Paýhasly ýörelge”, “Syrly sandyk” ýaly hususy gurluşyk kärhanalary döwletden alynýan 30 ýyllyk möhletli karzlaryň hasabyna bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 165-siniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barýarlar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Bellenişi ýaly, Kerki şäheriniň demirgazyk böleginde emele gelen ýaşaýyş jaý toplumynda eýýäm jaý toýlary-da tutulyp başlandy. Kerki şäherine özboluşly görk berjek bu täze ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de 72-sinde gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Bellenişi ýaly, ýakyn wagtda bu ýerde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň ählisine täze maşgalalar göçüp bararlar.
ORIENT news