Aşgabatda «48 Hour Film Race» bäsleşigi barada maglumat sessiýasy geçiriler
13.01.2024 | 00:05 |Aşgabatda "48Hour Film Race" (48HFR, “48 sagatlyk film ýaryşy”) bäsleşigine we Türkmenistanda kinematografiýanyň ösüşine bagyşlanan nobatdaky “#GoNight” duşuşygy geçiriler.
Maglumat sessiýasynyň çäginde eserleri Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilen film festiwallarynda ykrar edilen şeýle hem “48HFR 2023” iň gowy gysga metražly filmleriň hataryna goşulan türkmen režissýorlary we ssenaristleri çykyş ederler. Çykyş etjekler režissýoryň nazaryndan kino önümçiligi prosesi barada gürrüň bererler we Merkezi Aziýa bäsleşigine gatnaşmak boýunça tejribelerini paýlaşarlar.
Duşuşyk 25-nji ýanwarda Amerikan merkezinde geçiriler. Giriş tölegsizdir, ýöne şu salgy arkaly hasaba alynmak hökmanydyr. Çykyşlar rus we türkmen dillerinde geçiriler.
ORIENT news