Ýeriň orbitasyndaky adamlaryň sany boýunça taryhy rekord goýuldy
31.05.2023 | 17:34 |30-njy maýda Gansu welaýatyndaky Szýysýuan kosmodromyndan «Şençžou-16» hytaý arş gämisiniň uçurylmagy bilen Ýeriň orbitasyndaky adamlaryň sany boýunça täze taryhy rekord goýuldy. Bu barada RIA «Nowosti» habar berýär.
Häzir Ýeriň orbitasynda birbada 17 adam bar.
Ozalky rekord 2021-nji ýylyň sentýabrynda goýlupdy. Şol mahal orbitada bir wagtda 14 adam – ýedi kosmonawt, olardan ikisi russiýaly, üçüsi amerikaly, ýapon we fransuz kosmonawtlary Halkara kosmos stansiýasynda (MKS) boldular, Hytaýdan üç taýkonawt «Şençžou-12» gämisinde toplandylar we dört amerikaly astronawt Crew Dragon gämisinde boldular.
Üç adamdan ybarat ekipažly «Şençžou-16» hytaý gämisi «Çançžen-2» raketasynda uçdular. Ol Týangun orbital stansiýasyna ugraýar, ol ýerde eýýäm üç taýkonawt bar. Gäminiň komandiri Szin Haýpen üçin bu uçuş dördülenji boldy, bu bolsa ony dolandyrylýan missiýalara gatnaşmak boýunça rekordçy etdi. Ekipažyň iki sany beýleki agzasy ilkinji gezek kosmosa uçdular.
Häzirki wagtda Halkara kosmos stansiýasynda Russiýanyň «Союз МС-23» gämisiniň, amerikanlaryň Crew Dragony (missiýa Crew-6) we Axiom Space AX-2 kompaniýasynyň hususy missiýasy – jemi 11 adam işleýär.
ORIENT habarlar