Iň täze habarlar

Aşgabatda 2017-nji ýylda doglan ýaş futbolçylary gözden geçirişler başlaýar

06.08.2024 | 11:17
Aşgabatda 2017-nji ýylda doglan ýaş futbolçylary gözden geçirişler başlaýar

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky çagalar we ýetgitjekler üçin Ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlyk futbol mekdebi 2017-nji ýylda doglan çagalaryň arasynda gözden geçirilişi yglan etdi. Gözden geçiriliş 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda 08:00-dan 11:00-a çenli “Aşgabat” stadionynda geçiriler.

Gatnaşmak üçin çagalaryň ýanynda sport egin-başy, dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň göçürmesi we 3x4 görnüşdäki suraty bolmalydyr.

Sorag-jogap üçin telefon belgileri: (+993 65) 62-79-10 we (+993 65) 04-92-48

Bellik: Gözdeş geçiriliş diňe Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin geçirilýär.

ORIENT news