Iň täze habarlar

Fransuz instituty «Barokko-Bagşy» konsertini geçirer

09.04.2024 | 11:30
Fransuz instituty «Barokko-Bagşy» konsertini geçirer

Pianinoçy Joanna Gudal Türkmenistanyň birnäçe şäherlerinde «Barokko-Bagşy» konsertlerde çykyş eder. Konsertler Fransuz instituty tarapyndan guralýar.

«Barokko-Bagşy» taslamasynda kompozitor Žan-Filippiň döredijiliginiň esasyndaky gadymy fransuz sazlary Beýik Ýüpek ýolunyň ýurtlarynyň milli sazlary bilen utgaşdyrylar. Taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň 9 şäherinde konsertleri geçirmek meýilleşdirilýär. Joanna Gudalyň gastroly Aşgabat şäherinde badalga alar.

Konsert Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar kamera orkestri hem-de halk sazandalary bilen bilelikde geçiriler.
Konsteriň senesi: 13.04.2024
Wagty: 19:00
Geçirilýän ýeri: Aşgabat şäheri, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi
Petekleri öňünden sargyt etmek üçin telefon belgiler: 22-38-98, 51-41-57, (+993 63) 46-71-77, (+993 64) 03-74-56

Solo konserti: Žan-Filipp Rano we Merkezi Aziýanyň halk sazlary.
Konsteriň senesi: 15.04.2024
Wagty: 19:00
Geçirilýän ýeri: Daşoguz şäheri, Nurmuhamet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry
Giriş tölegsiz.

Solo konserti: Žan-Filipp Rano we Merkezi Aziýanyň halk sazlary.
Konsteriň senesi: 25.04.2024
Wagty: 19:00
Geçirilýän ýeri: Türkmenabat şäheri, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry
Giriş tölegsiz.

Solo konserti: Žan-Filipp Rano we Merkezi Aziýanyň halk sazlary.
Konsteriň senesi: 27.04.2024
Wagty: 19:00
Geçirilýän ýeri: Mary şäheri, Kemine adyndaky döwlet drama teatry
Giriş tölegsiz.

ORIENT news