«Hazar» konsorsiumy sorujy-kompressor turbalary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
27.02.2024 | 10:29Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyga laýyklykda «Hazar» şertnamalaýyn çägi boýunça (Gündogar Çeleken ýatagy) iş alyp barýan «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» (NaPeCo) ÝGPJ-niň we «Mitro International Limited» kompaniýasynyň bilelikde gatnaşmagyndaky «Hazar» konsorsiumy guýulary täze sorujy-kompressor turbalary bilen üpjün etmek üçin nebit kärhanalarynyň enjamlaryny satyn almak maksady bilen, aşakdaky Ýüztutma boýunça bazary öwreniş sowalnamasyny geçirýär.
29.01.2024 ý. senä degişli Ýüztutma №230 – 12500 metr möçberde sorujy-kompressor turbalary.
Bazary öwreniş sowalnamasyna gatnaşmak üçin:
• bazary öwreniş sowalnamasyna gatnaşmak isleýän dalaşgäriň ýüztutmasyny (ygtyýarly adamlaryň goly bolan, kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan, habarlaşmak üçin maglumatlar we elektron poçta salgysy görkezilen resmi blankada erkin görnüşde) taýýarlamaly we aşakda görkezilen elektron salga ugratmaly;
• türkmenistanly telekeçiler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolmaly hem-de şahadatnamasynyň nusgasyny görkezmeli.
Ýüztutmalar 15.03.2024 ý. çenli (ýerli wagt bilen 18:00-a çenli) kabul edilýär.
Anyk maglumat bermek, ýüztutmanyň mazmuny bilen tanyşmak we ýüztutmalary kabul etmek işleri elektron poçta arkaly ýa-da aşakda görkezilen salgy boýunça amala aşyrylýar:
745100, Türkmenistan, Balkanabat şäheri, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy ýaşaýyş toplumy, «Hazar» konsorsiumynyň edara binasy.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 61 76-54-88,
+993 61 88-22-95,
+993 222 48102,
+993 222 48103
Elektron salgylar:
sergey.radko@mitromos.com
igor.savochkin@mitromos.com
ORIENT news