Türkmenistanyň Energetika ministrligi elektrik beketleriň gurluşygy üçin halkara bäsleşigini yglan edýär
25.02.2024 | 21:39Türkmenistanyň Energetika ministrligi Balkan welaýatynda kuwwatlyklary 35 kW we 110 kW elektrik beketleriniň gurluşygy üçin halkara bäsleşigini yglan edýär:
Bölünýän Lot №1—Balkan welaýatynda kuwwatlyklary 35 kW we 110 kW elektrik beketleriniň gurluşygy.
Zerur talaplar:
• ýüztutma Türkmenistanyň energetika ministriniň adyna ýazmaça görnüşde bolup, onda bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän tarapyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy we rekwizitleri görkezilmelidir;
• Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ösüş, täze tehnologiýalar we düýpli gurluşyk bölüminden lotyň spesifikasiýasyny we tehniki talaplary almaly;
• Bäsleşige gatnaşmak üçin talap edilýän resminamalaryň sanawyny ABŞ-nyň 1500 dollaryny töläp almaly (GBS we bank tölegleri hasaba almazdan).
Bäsleşige hödürlenilýän teklipler 2024-nji ýylyň 22-nji martyna çenli, ýerli wagt bilen sagat 16:00 çenli kabul edilýär.
Bäsleşik tekliplerine pul serişdeleri bank hasabyna gelip gowşansoň seredilýär.
Soraglar üçin telefon belgileri:
+993 12 37-94-31
+993 12 37-94-33
Habarlaşmak: Aşgabat ş., köçe 2022, 55. Türkmenistan
ORIENT news