Iň täze habarlar

"Nadar" galereýasy "Pariž-Mary" sergisine çagyrýar

28.02.2023 | 18:53
"Nadar" galereýasy "Pariž-Mary" sergisine çagyrýar

1-nji martda Aşgabatdaky Fransuz institutynyň “Nadar” galereýasynda üýtgeşik özboluşlylygy bilen tapawutlanýan “Pariž-Mary” sergisi açylar. Bu ýerde Pariždäki dünýäniň baýry medeni ojaklarynyň biri hasaplanýan Sungat şäherçesinde dürli ýyllarda işlän türkmen suratkeşleriniň we nakgaşçylyk sungatynyň ussatlary - Annadurdy Myradalyýewiň, Kössek Nurmyradowyň, Tokar Tugurowyň we Gurbangeldi Gurbanowyň eserleri görkeziler.

Serginiň açylyş dabarasyna diňe çakylyk petekleri bilen barmak bolar. 2-nji martdan başlap, galereýa sagat 09:00-dan 20:00-a çenli hemmeler üçin açyk bolar.

ORIENT news