

17 tonnadan gowrak ýüň Türkmenistandan Russiýanyň Kurgan oblastyna eksport edildi
Türkmenistan 17,4 tonna goýun ýüňüni Russiýanyň Kurgan oblastyna eksport etdi. Bu barada Rosselhoznadzoryň Weterinar we fitosanitar gözegçilik gullugy habar berýär.


Türkmenistan 17,4 tonna goýun ýüňüni Russiýanyň Kurgan oblastyna eksport etdi. Bu barada Rosselhoznadzoryň Weterinar we fitosanitar gözegçilik gullugy habar berýär.


Türkmenistan baý gün çeşmelerinden we tebigy gaz gorlaryndan peýdalanyp, durnukly we ekologiýa taýdan arassa energiýa geljegini formirlemekde öz mümkinçiliklerini doly ulanmagy maksat edinýär. Ýurdumyz 2030-njy ýyldan başlap, ortamöhletleýin geljekde bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejesini gazanmagy we uzakmöhletleýin döwürde zyňyndylaryň derejesini ýyllyk görkezijide düýpli azaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow sişenbe güni Brýusseliň Energetika kluby tarapyndan gurnalan "Merkezi Aziýa üçin arassa energiýanyň geljegi" atly maslahatda eden çykyşynda belläp geçdi.


Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tarak Ben Salem sişenbe güni Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ynanç hatlaryny gowşurdy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.


Türkmenistan bilen Ermenistanyň ykdysadyýet we maliýe pudagyndaky hünärmenleri Ýerewanda tejribe alyşdylar we maliýe hasabatlaryny taýýarlamakda öňdebaryjy tejribäniň mümkinçiliklerini öwrendiler. Iki ýurduň hünärmenleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine hem garaldy.


Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi (Moskwada ýaşaýan) Tarek Ben Salem 4-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýewe ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.


GDA, BRICS we ŞHG ýurtlaryndan gelen ýaşlar toparlary - jemi 3 müňe golaý türgen Ýekaterinburgda geçiriljek Halkara uniwersitet sport festiwalyna gatnaşar. Uralyň paýtagtynda 19-njy awgustdan 31-nji awgusta çenli sportuň 14 görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler, 193 medal toplumy oýnalar.


Daşary ýurt kompaniýalary - Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň hyzmatdaşlary ýurtdaky akylly eko şäherleriň we esasanam Arkadag şäheriniň hereketlerini ösdürmek taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirip, iň möhüm ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy dowam etdirýärler. Bu, sişenbe güni şäher gurluşygy we senagat pudagynda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan halkara konferensiýada beýan edildi.


«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gyzklanma bildirýän taraplara amatly nyrhlarda ýük konteýnerleri kärendesine ulanmaga berýär.


Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň wekili Kemal Weliýew özbek tarapynyň başlangyjy bilen geçirilen Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň nobatdan daşary mejlisine gatnaşdy.


Hytaýyň aragatnaşyk operatorlary mobil aragatnaşygyň indiki nesli bolan 6G aragatnaşyk ulgamyny işjeň ornaşdyrýar.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysady taslamalaryna gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.


Russiýanyň Kawkaz sebitinde ýerleşýän Merkezi Aziýa barslaryny köpeltmek merkezinde türkmen barsynyň ýene bir çagasy boldy. Häzirki wagtda merkezde ösdürilip ýetişdirilýän barslaryň sany 13-e ýetdi.


Tatarstanyň Pestreçin raýonynyň Şali obasynyň golaýynda «Ýüpek ýoly» halkara ýörişiniň çäklerinde synag girişleri boldy. Ol 5-nji iýuldan 15-nji iýul aralygynda geçer. Toparlar öz tehnikasynyň başlama taýýarlygyny synag etdiler.


Russiýanyň Naberežnyý döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň işläp taýýarlamasynyň esasynda mugallymyň sanly simulýatorynyň türkmen görnüşi taýýarlanylyp bilner. Bu sanly simulýator ýaş mugallymlaryň goýberýän ýalňyşlyklaryny “duýdurýar” we degişli maslahatlary berýär.


Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň döwletleriniň baştutanlarynyň Geňeşiniň nobetdaky mejlisinde çykyş etmek bilen, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon ŞHG-ny mundan beýläk-de giňeltmegiň konsepsiýasyny işläp düzmegi teklip etdi- diýip, BelTA habar berýär.