Habarlar

Türkmen türgenleri Unifight boýunça Aziýa çempionatynda 16 medala mynasyp boldularTürkmen türgenleri Unifight boýunça Aziýa çempionatynda 16 medala mynasyp boldular

Türkmen türgenleri Unifight boýunça Aziýa çempionatynda 16 medala mynasyp boldular

11 - 17-nji awgust aralygynda Issyk-Kulda (Gyrgyzystan) geçirilen Unifight boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri 2 altyn, 11 kümüş we 3 bürünç – jemi 16 medala mynasyp boldular. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna ýurdumyzyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde habar berdiler. Toýly Bazarow 2-nji umumybilim orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy. Ol nyşana pyçak zyňmakda çempion adyna we 55 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen nusgawy uniwersal söweş boýunça kümüş medala mynasyp boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumyndaky işler bilen tanyşdyGurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumyndaky işler bilen tanyşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumyndaky işler bilen tanyşdy

17-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Bişkekdäki agaçlar «lukmançylyk kartasyny» alarlar we sanly sanawa girizilerBişkekdäki agaçlar «lukmançylyk kartasyny» alarlar we sanly sanawa giriziler

Bişkekdäki agaçlar «lukmançylyk kartasyny» alarlar we sanly sanawa giriziler

Bişkekdäki her bir agajyň özboluşly «lukmançylyk kartasy» bolar - Gyrgyzystanyň paýtagtynyň häkimligi we «Arça» jemgyýetçilik gaznasy ilkinji gezek şäheriň ýaşyl meýdançalarynyň elektron inwentarizasiýasyny açdy. Sanawda käbir agaçlaryň mukdary, geoýerleşişi, görnüşleri, suwaryşy we ol ýa-da beýleki agaçlaryň ýagdaýy baradaky maglumatlar giriziler diýip, vesti.kg habar berýär.

Daniýaly satyjy Auluna Özbegistanda eşik öndürmek isleýärDaniýaly satyjy Auluna Özbegistanda eşik öndürmek isleýär

Daniýaly satyjy Auluna Özbegistanda eşik öndürmek isleýär

Daniýaly onlaýn satyjy Auluna Private Lable – daşky geýimleri, şol sanda eko derileri satyjy we öndüriji Hytaýdan önümçilik kuwwatynyň bir bölegini Özbegistana geçirmegi meýilleşdirýär. Täze ýerde zawod açmak bilen, kompaniýa logistika meselelerini çözmegi we harytlary Ýewropa bazaryna eltmek üçin sarp edilýän wagty azaltmagy maksat edinýär. Häzirki wagtda Hytaýdan Ýewropa önümler ortaça 6-7 hepdede barýar.

“Türkmenenergo” we Owganystanyň “DABS” kompaniýasy elektrik energiýasyny ibermek hakynda Teswirnama gol çekdiler“Türkmenenergo” we Owganystanyň “DABS” kompaniýasy elektrik energiýasyny ibermek hakynda Teswirnama gol çekdiler

“Türkmenenergo” we Owganystanyň “DABS” kompaniýasy elektrik energiýasyny ibermek hakynda Teswirnama gol çekdiler

“Türkmenergo” döwlet korporasiýasy we Owganystanyň “DABS” kompaniýasy Gerat sebitindäki Nur al-Jihad elektrik paýlaýjy bekedi arkaly elektrik energiýasyny ibermek hakynda bilelikdäki Teswirnama gol çekdiler. Gol çekişlik dabarasyna türkmen tarapyndan resmi wekiller hökmünde korporasiýanyň tehniki we halkara taslamalar bölümleriniň wekilleri, owgan tarapyndan bolsa, kompaniýanyň baş direktory gatnaşdy.