Habarlar

Moskwada heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň ilkinji şahsy sergisi açylarMoskwada heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň ilkinji şahsy sergisi açylar

Moskwada heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň ilkinji şahsy sergisi açylar

Türkmenistanyň Halk suratkeşi, heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň eserleriniň şahsy sergisi 15-nji iýulda Moskwa şäheriniň Gündogar halklarynyň sungaty döwlet muzeýinde açylar. Moskwaly sungaty söýüjileriň ussat heýkeltaraşyň döredijiligi bilen eýýäm tanyşdygyna seretmezden, türkmen heýkeltaraşynyň elinden çykan ajaýyp eserler Russiýanyň paýtagtynda birinji gezek sergilenýär – diýip, “Kultura.RF” ýazýar.

Aşgabatda narkotiki serişdelere garşy göreşmegiň halkara güni bellendiAşgabatda narkotiki serişdelere garşy göreşmegiň halkara güni bellendi

Aşgabatda narkotiki serişdelere garşy göreşmegiň halkara güni bellendi

Narkotiki serişdelere garşy göreşmegiň we onuň bikanun dolanyşygy boýunça halkara güni mynasybetli Aşgabatda sport bäsleşigi geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasy, BMG-niň neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreşmek müdirligi we Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan-ŞHG dialogynyň ösüşi üçin bäş möhüm ugry kesgitlediSerdar Berdimuhamedow Türkmenistan-ŞHG dialogynyň ösüşi üçin bäş möhüm ugry kesgitledi

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan-ŞHG dialogynyň ösüşi üçin bäş möhüm ugry kesgitledi

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary, synçy ýurtlar – Türkmenistanyň köpýyllyk hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlary, şonuň üçin ŞHG bilen gepleşikler ýurdumyz üçin ikitaraplaýyn gatnaşyklarda bolşy ýaly, sebitleýin we global derejedäki meselelere gatnaşmagyň logiki ösüşidir. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni ŞHG agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde başlyklyk edýän ýurt - Hindistan tarapyndan çagyrylan myhman hökmünde wideoaragatnaşyk arkaly eden çykyşynda aýtdy.