HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Eýranyň daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Awgust 19, 2023 | 12:52 |6350
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow bilen Eýranyň daşky gurşawy goramak boýunça departamentiniň başlygynyň orunbasary Iradj Heşmati daşky gurşawy goramak we çölleşmäge garşy göreşmek boýunça bilelikdäki çäreler babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Tehran Times habar berýär.Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow bilen Eýranyň daşky gurşawy goramak boýunça departamentiniň başlygynyň orunbasary Iradj Heşmati daşky gurşawy goramak we çölleşmäge garşy göreşmek boýunça bilelikdäki çäreler babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Tehran Times habar berýär.
Çeşme: Tehran Times

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow bilen Eýranyň daşky gurşawy goramak boýunça departamentiniň başlygynyň orunbasary Iradj Heşmati daşky gurşawy goramak we çölleşmäge garşy göreşmek boýunça bilelikdäki çäreler babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Tehran Times habar berýär.

Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak ministri ekoulgamy hem-de biodürliligi goramagyň, şeýle hem ekologiýa meseleleriň ählumumy häsiýetine eýedigine ünsi çekip, bu meseleleleriň bilelikdäki tagalallar arkaly çözülmelidigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda eýranly döwlet işgäri Ç. Babanyýazowy 9-10 sentýabrda Tähranda geçiriljek gum we tozan tupanlaryna garşy göreşmek boýunça halkara maslahata çagyrdy. Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde bilelikdäki çözgütleri kabul etmek üçin Özara düşünişmek hakynda bilelikdäki türkmen-eýran Ähtnama gol çekilmegi beýan edildi.

Eýran tarapynyň wekili ekologiýa meseleleriniň ýetirýän zyýanyny azaltmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Halkara duşuşyklaryň hem-de maslahatlaryň geçirilmegi, gum we tozan tupanlarynyň sebäplerini aradan aýyrmak boýunça 10 ýyllyk meýilnamanyň kabul edilmegi şol çäreleriň hatarynda bellenildi.

Çölleşmäge garşy göreşmek üçin, bag ekmek çäreleri geçirilmelidir Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri belledi.

Iki ýurduň bilermenler toparlary sebitde gum we tozan tupanlarynyň ýüze çykmagyny we ýaýramagyny seljermek ulgamynda iş alyp barýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026