"Türkmenaragatnaşyk" we Koreýanyň "LC Cable & System" kompaniýasy bilelikde taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýärler


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň "Türkmenaragatnaşyk" agentligi we Koreýa Respublikasynyň "LC Cable & System" kompaniýasy hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleri geçirdiler. Onda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, ýurdumyzyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.
Onlaýn görnüşde geçirilen gepleşiklerde maglumat-aragatnaşyk ulgamynda koreý kompaniýasynyň Türkmenistanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmeginiň ugurlary maslahatlaşyldy. Şunda Arkadag şäherinde innowasion tehnologiýa üpjünçilik babatda durmuşa geçirilýän işler barada durlup geçildi.
"LC Cable & System" kompaniýasy Koreýa Respublikasynyň telekommunikasiýa we aragatnaşyk ulgamlarynyň enjamlaryny, kabellerini öndürýän iň iri kompaniýalarynyň biridir. Onuň ýurtda 9 sany önümçilik kärhanasy daşary döwletlerde hem şonça kärhanasy hereket edýär.
Bu ugurda 60 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýan kompaniýanyň öndürýän enjamlaryny we tehnologik düzümlerini Aziýanyň, Ýewropanyň we Amerikanyň ýüzlerçe kompaniýasy giňden ulanýar
ORIENT news








