HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Yragyň premýer-ministri «Türkmengaz»-yň başlygy bilen duşuşdy

Oktýabr 07, 2023 | 19:48 |8593
Yragyň premýer-ministri Muhammet Şia as-Sudani «Türkmengaz»  döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew we onuň wekiliýeti bilen duşuşdy diýip, şenbe güni Yragyň hökümet başlygynyň edarasynyň beren beýanatyna salgylanyp Mawazine News habar berýär.Yragyň premýer-ministri Muhammet Şia as-Sudani «Türkmengaz»  döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew we onuň wekiliýeti bilen duşuşdy diýip, şenbe güni Yragyň hökümet başlygynyň edarasynyň beren beýanatyna salgylanyp Mawazine News habar berýär.
Çeşme: mawazin.net

Yragyň premýer-ministri Muhammet Şia as-Sudani «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew we onuň wekiliýeti bilen duşuşdy diýip, şenbe güni Yragyň hökümet başlygynyň edarasynyň beren beýanatyna salgylanyp Mawazine News habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar we olary ösdürmegiň ýollary, energetika we gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylandygy, ahyrky netijede türkmen gazynyň importy barada bilelikdäki «başlangyç» Ähtmanasyna gol çekilendigi bellenilýär.

Habarda Yrak wekiliýetiniň gepleşikleri dowam etdirmek we resminamalara gol çekmek üçin 25-nji oktýabrda Türkmenistana gitjekdigi aýdylýar.

Premýer-ministr «hökümetiň Yrakdaky energetika pudagyna uly üns berýändigini we ony iň möhüm meseleleriň birine öwürendigini» belledi. Ol Yrakda ägirt uly gaz gorlarynyň bardygyny, ýöne bu meselede birnäçe ýyllap yza çekilenden soň optimal maýa goýmak üçin wagt gerekdigini nygtady.

«Türkmen gazyň importyna gönükdirilen tendensiýa, hökümetiň gaz importynyň çeşmelerini diwersifikasiýa etmek, şeýle hem elektrik stansiýalarynyň dowamlylygyny üpjün etmek üçin energiýa çeşmelerini diwersifikasiýa etmek baradaky meýilnamasyna laýyk gelýär», -diýip ol aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026