Bagdatda türkmen gazyny import etmek meseleleri maslahatlaşyldy


Yragyň we Türkmenistanyň resmi wekilleri gaz import etmek boýunça şertnamany baglaşmak boýunça meseleleri Bagdat şäherinde maslahatlaşdylar. Bu şertnamany baglaşmak hakynda ylalaşyga awgust aýynda Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň barşynda gelnipdi. Bu barada Yragyň resmi habarlar agentligi mälim edýär.
Bellenişi ýaly, Yragyň energetika ministri Ziad Fadil "Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen gaz import etmek boýunça şertnamany ara alyp maslahatlaşdy. Yragyň energetika desgalary üçin Türkmenistandan gaz import etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça gepleşikler geçirildi.
Yragyň Nebit ministrliginiň beýanatyna görä, degişli şertnamany şu ýylyň ahyrynda baglaşmak maksat edilýär.
ORIENT news








