HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2027-nji ýyl GDA-da Hukuk biliminiň ýyly bolar

Oktýabr 07, 2023 | 09:12 |9346
2027-nji ýyl Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynda Hukuk biliminiň ýyly bolar. Belarus Respublikasynyň Ýustitsiýa ministrliginiň degişli başlangyjy GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetindäki GDA gatnaşyjy döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň agzalary tarapyndan bir agyzdan goldanyldy. Geňeşiň mejlisi Minsk şäherinde geçirildi.2027-nji ýyl Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynda Hukuk biliminiň ýyly bolar. Belarus Respublikasynyň Ýustitsiýa ministrliginiň degişli başlangyjy GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetindäki GDA gatnaşyjy döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň agzalary tarapyndan bir agyzdan goldanyldy. Geňeşiň mejlisi Minsk şäherinde geçirildi.
Çeşme: belta.by

2027-nji ýyl Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynda Hukuk biliminiň ýyly bolar. Belarus Respublikasynyň Ýustitsiýa ministrliginiň degişli başlangyjy GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetindäki GDA gatnaşyjy döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň agzalary tarapyndan bir agyzdan goldanyldy. Geňeşiň mejlisi Minsk şäherinde geçirildi.

Täjigistanyň ýustitsiýa ministriniň birinji orunbasary Nigina Alizodanyň belleýşi ýaly Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň has ýokary täze derejesine çykmak zerurdyr.

Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi raýatlar bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge, hukuk medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem kanuna hormat goýmaga esaslanýan durnukly jemgyýeti kemala getirmäge mümkinçilik berer. Ýylyň dowamynda dürli çäreler – maslahatlar, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler, hukuk bilimi boýunça okuw maslahatlary geçiriler. Arkalaşygyň raýatlary notariuslardan, aklowjylardan tölegsiz maslahatlary alarlar.

Mundan başga-da, Geňeş tarapyndan tassyklanan 2024-nji ýyl üçin işleriň meýilnamasyndan GDA gatnaşyjy döwletleriň ýustitsiýa ministrlikleriniň arasynda ilata hukuk hyzmatyny amala aşyrmaga degişli maglumaty alyşmak üçin bitewi döwletara elektron ulgamynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026