

Baş konsul Saratow döwlet uniwersitetine bardy
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew “Akylly şäher. Sport bilen ýaşa!” ady bilen geçirilýän II Bütinrussiýa oýunlarynyň çärelerine gatnaşmagyň çäklerinde Saratow döwlet uniwersitetine bardy we talyplar bilen duşuşdy. Bu barada ýokary okuw mekdebi habar berýär.



















