HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

14 ýurduň gümrükçileri Aşgabatda okuw seminaryna gatnaşýarlar

Oktýabr 12, 2023 | 16:04 |5646
Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda, Bütündünýä gümrük guramasy bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň bilelikde gurnamagynda geçirilýän Gümrük gullukçylarynyň hünär etikasy boýunça sebitleýin maslahaty öz işine başlady.Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda, Bütündünýä gümrük guramasy bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň bilelikde gurnamagynda geçirilýän Gümrük gullukçylarynyň hünär etikasy boýunça sebitleýin maslahaty öz işine başlady.
Çeşme: customs.gov.tm

Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda, Bütündünýä gümrük guramasy bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň bilelikde gurnamagynda geçirilýän Gümrük gullukçylarynyň hünär etikasy boýunça sebitleýin maslahaty öz işine başlady.

Bu maslahata Bütindünýä gümrük guramasynyň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Albaniýa, Gruziýa, Azerbaýjan, Gyrgyzgystan, Moldowa, Özbegistan, Serbiýa ýaly jemi 14 döwletiň gümrük gulluklarynyň işgärleri gatnaşýarlar. Bu maslahatyň çäklerinde, gümrük işgärleriniň hünär bilimlerini kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmak maksatly ýörite çykyş edildi.

Maslahatyň barşynda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ornaşdyrylan sanly ulgamyň mümkinçilikleri hem-de harby gullukçylaryň hünär etikasy bilen baglanyşykly ýörite kanunçylyk namalar, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça boýunça alnyp barylýan işler barada maslahata gatnaşyjylar ýakyndan tanyşdyryldy. Ýaş gümrük işgärleri taýýarlamak, olaryň hünär bilimlerini ýokarlandyrmak, şeýle hem, ýurdumyzda harby gullukçylaryň döwrebap iş we ýaşaýyş durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler barada çykyşlarda giňişleýin bellenip geçildi.

13-nji oktýabra çenli dowam etjek sebitleýin maslahatynda işgärleri taýýarlamak we olaryň hünär-bilimlerini ýokarlandyrmak boýunça maslahata gatnaşýan daşary ýurt wekilleri öz tejribelerini paýlaşarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026