Habarlar

Alymlar juma gününi iş üçin hepdäniň iň az öndürijilikli güni diýip atlandyrdylarAlymlar juma gününi iş üçin hepdäniň iň az öndürijilikli güni diýip atlandyrdylar

Alymlar juma gününi iş üçin hepdäniň iň az öndürijilikli güni diýip atlandyrdylar

Tehas uniwersitetiniň alymlarynyň tejribesine uly energetika kompaniýasynyň işgärleri gatnaşdylar. Iki ýylyň dowamynda, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2018-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda synçylar 789 işçä syn etdiler, ýagny kompýuteriň ulanylyş görkezijilerini: ýazmagyň tizligi, ýazuwda ýalňyşlyk we syçanjygyň işjeňligini seljerdiler. Synlar, ofis işgärleriniň haýsy wagtda has işjeň däldigini we ýalňyşlyklara has ýykgyn edýändigini anyklamaga mümkinçilik berdi diýip, Plos ONE ýazýar.