HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň dikeldilen güni bilen gutlady

Oktýabr 18, 2023 | 08:37 |5662
Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Döwlet habarlar agentligi habar berýär.Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Çeşme: azertag.az

Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

«Biz Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris. Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny has ýokary derejä çykarmak üçin Siziň bilen bilelikde mundan beýläk-de ähli tagallalary etmäge taýýardygymyzy beýan edýärin» diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we ýurduň doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Siziň baştutanlygyňyzda Azerbaýjan Respublikasy jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda ýokary üstünlikleri gazandy. Dürli ugurlar boýunça ýola goýlan özara bähbitli türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini bellemek isleýärin. Biziň gatnaşyklarymyzyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn» diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Azerbaýjan ilkinji gezek Garaşsyzlygyny 1918-nji ýylda aldy. Ony dikeltmek Respublikas 1991-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda başartdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026