HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda kaşaň otlylarda demir ýol gatnawlary ýola goýlar

Oktýabr 17, 2023 | 22:43 |8187
Özbegistanda demir ýol gatnawy konsepsiýasy ösdüriler. Ony durmuşa geçirmegiň başlangyjy, ýurduň taryhy şäherleriniň arasynda kaşaň otly Luxury Train Cruising gatnawy bolar.Özbegistanda demir ýol gatnawy konsepsiýasy ösdüriler. Ony durmuşa geçirmegiň başlangyjy, ýurduň taryhy şäherleriniň arasynda kaşaň otly Luxury Train Cruising gatnawy bolar.
Çeşme: Sputnik Özbegistan

Özbegistanda demir ýol gatnawy konsepsiýasy ösdüriler. Ony durmuşa geçirmegiň başlangyjy, ýurduň taryhy şäherleriniň arasynda kaşaň otly Luxury Train Cruising gatnawy bolar.

Sişenbe güni, 17-nji oktýabrda “Özbek demirýollary” we Italiýanyň “Arsenale Group” kompaniýasy tarapyndan bu syýahatçylyk otlusynyň işe girizilmegi barada memoranduma gol çekildi diýip, bu barada Podrobno.uz habar berýär.

Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylyň ahyryndan Özbegistanyň taryhy şäherleriniň arasynda hereket edip başlajak kaşaň otly işlenip taýýarlanar. Taslama Özbegistanyň Maýa goýum, senagat we söwda ministrliginiň howandarlygynda amala aşyrylýar.

Italiýanyň kompaniýasynyň Baş direktory Barlettaň pikiriçe, demir ýol gezelençleri syýahatçylygyň geljegi, täze we ekologiýa taýdan arassa syýahat usulydyr.

Ol “Arsenalyň wezipesi, bu gözýetimleri dünýäniň iň tolgundyryjy ýerlerinde mümkin etmek, täze gözýetimleri öwrenmek islegini duruzyp biljek päsgelçilikleriň ýokdugyny subut etmekdir. Bu hyzmatdaşlyga gol çekilmegi bilen syýahatçylaryň otlymyza münüp, bu ajaýyp ýurduň taryhy we medeni baýlyklaryny açyp bilmekleri üçin ýadawsyz işlemäge taýýardyrys "-diýip belledi.

Luxury Train Cruising syýahatçylyk otlusynyň işe girizilmegi Özbegistan we tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin möhüm waka bolar diýlip garaşylýar. Taslama dünýäniň çar künjeginden gelen syýahatçylaryň ünsüni özüne çeker we Özbegistanyň Samarkand, Buhara we Hywa ýaly taryhy şäherleriniň ajaýyp gözelliklerinden lezzet almaga mümkinçilik berer. Otly ýolagçylara syýahat wagtynda iň ýokary amatlylygy üpjün etmek üçin ähli döwrebap şertler bilen üpjün ediler.

Mundan ozal Barletta Ýewropadan Özbegistanyň üsti bilen Hytaýa syýahatçylyk otlusyny işe girizmegi teklip edipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026