HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Demir gapylary öndürýän türkmen kompaniýasy halkara bazara çykýar

Oktýabr 18, 2023 | 02:56 |9569
Kärhana häzirki wagtda önümlerini daşary döwletlere eksport etmek boýunça baglaşan şertnamalary bilen baglylykda, önümçiligini has-da giňeltmegi meýilleşdirýär. Şeýlelikde, “Eýýamyň” önümleri ýakyn günlerde Özbegistana hem-de Gazagystana eksport edilip başlanar.Kärhana häzirki wagtda önümlerini daşary döwletlere eksport etmek boýunça baglaşan şertnamalary bilen baglylykda, önümçiligini has-da giňeltmegi meýilleşdirýär. Şeýlelikde, “Eýýamyň” önümleri ýakyn günlerde Özbegistana hem-de Gazagystana eksport edilip başlanar.
Çeşme: tstb.gov.tm

Polady sowuk gaýtadan işlemek esasynda dürli önümleri öndürýän “Eýýam” hususy kärhanasy şu önümçilik çygrynda 10 ýyllyk tejribäniň eýesidir. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň web-saýtynda habar berilýär.

Metal şkafarynyň we gapylaryň, ammar gurşawlarynyň, lukmançylyk, bilim hem-de sport edaralary üçin stellaž ulgamlarynyň, şeýle hem howpsuzlyk we serwer şkaflarynyň önümçiligi kärhananyň işiniň möhüm ugurlarydyr.

Toz görnüşinde sepilýän boýag “Eýýamyň” önümleriniň göze gelüwliligini üpjün edýär. Şeýle boýaglaryň poladyň has-da mäkämligini gazanmaga ýardam edýändigine hem ünsi çekmek gerek. 10 ýyllyk tejribe kärhananyň işini has-da kämilleşdirmegine oňyn täsirini ýetirdi. “Eýýam” şol ýyllarda meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesi bilen hyzmatdaşlyk etdi, iri taslamalaryň ençemesini durmuşa geçirdi.

Galyberse-de, kärhananyň müşderileriň ösen isleglerini çalt we ýokary hilli önümler bilen kanagatlandyrmak üçin mäkäm binýady bar. “Eýýamyň” interýeriň bezegi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän polat gapylary, howpsuzlyk we serwer şkafary örän berk hem-de uzak möhlete çydamlylygy, galyberse-de, özboluşly dizaýny bilen tapawutlanýar.

Kärhana häzirki wagtda önümlerini daşary döwletlere eksport etmek boýunça baglaşan şertnamalary bilen baglylykda, önümçiligini has-da giňeltmegi meýilleşdirýär. Şeýlelikde, “Eýýamyň” önümleri ýakyn günlerde Özbegistana hem-de Gazagystana eksport edilip başlanar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026