HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Baş konsul Penza döwlet uniwersitetinde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy

Oktýabr 18, 2023 | 11:36 |5475
Häzirki wagtda Penza döwlet uniwersitetinde 22 müň töweregi talyp bilim alyp, şolaryň 2,8 müňüsi daşary döwletleriň 40-synyň raýatlarydyr. Bu ýokary okuw mekdebinde türkmen ýaşlarynyň 253-si ýokary bilim alýar.Häzirki wagtda Penza döwlet uniwersitetinde 22 müň töweregi talyp bilim alyp, şolaryň 2,8 müňüsi daşary döwletleriň 40-synyň raýatlarydyr. Bu ýokary okuw mekdebinde türkmen ýaşlarynyň 253-si ýokary bilim alýar.
Çeşme: Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Güýç Garaýew Penza döwlet uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy. Bu barada Baş konsullyk habar berýär.

Mälim edilişi ýaly, konsullyk edarasynyň watandaşlar bilen aragatnaşygy ösdürmek boýunça işleriniň çäklerinde türkmen talyplarynyň ýaşaýyş-durmuş we okuw şertleri, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary bilen tanyşmak maksady bilen geçirildi.

Penza döwlet uniwersitetiniň rektory Aleksandr Gulýakow bilen bolan duşuşykda ýokary bilim babatda Türkmenstanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyplygy nygtaldy. Häzirki wagtda Penza döwlet uniwersitetinde 22 müň töweregi talyp bilim alyp, şolaryň 2,8 müňüsi daşary döwletleriň 40-synyň raýatlarydyr. Bu ýokary okuw mekdebinde türkmen ýaşlarynyň 253-si ýokary bilim alýar.

652f52d044305488141925.jpg

Rektor türkmen talyplarynyň okuwlaryna örän ünsli garaýandyklaryny we olaryň maglumat tehnologiýalary, lukmançylyk, lingwistika, pedagogika, psihologiýa we beýleki ugurlarda bilim alýandyklaryny belledi. Türkmen ýaryşlary sport ýaryşlaryna hem işjeň gatnaşýarlar.

652f52f1a454b093951937.jpg

Ýokary okuw mekdebine saparynyň çäklerinde, Baş konsulyň türkmen talyplary bilen duşuşygy geçirildi.

652f53ff60a37214798619.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026