

Gruzin rowaýatlary we eposlary ilkinji gezek komediýa we animasiýa filmlerine “geçiriler”
Gruziýada "Iberiýanyň ýyl ýazgylary" (Хроники Иберии) atly ilkinji taryhy we mifologiki komediýany döretmek boýunça işe girişdiler. Taslamanyň üstünde “Ray11” kinokompaniýasy işleýär. Awtorlaryň pikiriçe, şeýle döredijilikli çemeleşme gruzin ýaşlary üçin has düşnükli bolar we olary ýurduň baý eposy bilen özleri üçin kabul ederlikli görnüşde tanyşdyrar – diýip, Sputnik habar berýär.



















