HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gyrgyzystan baýdagyny çalyşmaga taýýarlanýar

Oktýabr 27, 2023 | 16:06 |5964
Gyrgyzystanyň baýdagynyň merkezindäki surat üýtgediler. Ýurduň parlamentiniň deputatlarynyň topary ondaky gün şöhlelerini göni etmek pikiri bilen çykyş etdiler. Kanunyň taslamasy köpçüligiň ara alyp maslahatlaşmagyna çykaryldy we bu pikir prezident Sadyr Žaparow tarapyndan eýýäm tassyklandy diýip, «Kabar» maglumat agentligi habar berýär.Gyrgyzystanyň baýdagynyň merkezindäki surat üýtgediler. Ýurduň parlamentiniň deputatlarynyň topary ondaky gün şöhlelerini göni etmek pikiri bilen çykyş etdiler. Kanunyň taslamasy köpçüligiň ara alyp maslahatlaşmagyna çykaryldy we bu pikir prezident Sadyr Žaparow tarapyndan eýýäm tassyklandy diýip, «Kabar» maglumat agentligi habar berýär.
Çeşme: informburo.kz

Gyrgyzystanyň baýdagynyň merkezindäki surat üýtgediler. Ýurduň parlamentiniň deputatlarynyň topary ondaky gün şöhlelerini göni etmek pikiri bilen çykyş etdiler. Kanunyň taslamasy köpçüligiň ara alyp maslahatlaşmagyna çykaryldy we bu pikir prezident Sadyr Žaparow tarapyndan eýýäm tassyklandy diýip, «Kabar» maglumat agentligi habar berýär.

Gyrgyzystanyň baýdagy gyzyl gönüburçly mata bolup, ortasynda gün şöhleleri dürli tarapa bölünýän sary garaöýüň ýokarky bölegi şekillendirilýär.

Sadyr Žaparow baýdakdaky suratyň, güneşdigine garamazdan, onuň günebakary ýada salýandygyny aýtdy. «Hatda bize myhmançylyga gelen daşary ýurtlularyň, belki-de ýurdumyzda köp mukdarda günebakarlar ýetişdirýändirler diýip aýdan wagtlaram boldy», - diýip prezident belledi.

Döwlet Baştutany deputatlar tarapyndan teklip edilen başlangyç görnüşi makullamady, sebäbi şöhleler tikene meňzeýärdi, ýöne Žaparow düzedilen görnüşini goldady.

Baýdagyň täze taslamasynda şöhleleriň sany üýtgedilmän 40-na galýar. Bir tegelekde birleşip olar, 40 sany gadymy gyrgyz taýpasynyň birleşmegini alamatlandyrýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026
BAE-de çägäden we hurma çigitlerinden wodorod almak usuly tapyldy

BAE-de çägäden we hurma çigitlerinden wodorod almak usuly tapyldy

18:12 Sentýabr 08, 2026