Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen gazyny Türkiýä ibermek aýratyn strategiki ähmiýete eýe boldy - Ärdogan

Oktýabr 26, 2023 | 22:02 |19989
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan, Türkmenistanyň energiýa ätiýaçlyklary boýunça sebitde we dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryndadyr we häzirki gurşawda Türkiýäniň üsti bilen Türkiýä we dünýä bazarlaryna türkmen tebigy gazynyň iberilmegi aýratyn strategiki ähmiýete eýe diýdi.Prezident Rejep Taýyp Ärdogan, Türkmenistanyň energiýa ätiýaçlyklary boýunça sebitde we dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryndadyr we häzirki gurşawda Türkiýäniň üsti bilen Türkiýä we dünýä bazarlaryna türkmen tebigy gazynyň iberilmegi aýratyn strategiki ähmiýete eýe diýdi.
Çeşme: trt.net.tr

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan, Türkmenistanyň energiýa ätiýaçlyklary boýunça sebitde we dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryndadyr we häzirki gurşawda Türkiýäniň üsti bilen Türkiýä we dünýä bazarlaryna türkmen tebigy gazynyň iberilmegi aýratyn strategiki ähmiýete eýe diýdi.

"Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we Azerbaýjan bilen baglanyşykly üç taraplaýyn hyzmatdaşlyk möhümdir" -diýip, türk Lideri penşenbe güni Ankarada Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň netijleri boýunça bilelikdäki metbugat ýygnagynda aýtdy.

Türk Lideri, bu saparyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny, sebäbi Serdar Berdimuhamedowyň Prezident hökmünde Türkiýä ilkinji saparydygyny aýtdy.

Metbugat gullugy Ärdoganyň “Umumy taryhy, dili, dini we medeniýet esasynda gatnaşyklarymyz birek-birege hormat goýmak, hyzmatdaşlyk we umumy bähbitler esasynda günsaýyn güýçlenýär. Şu günki duşuşyklarymyzda gatnaşyklarymyzyň ähli taraplaryna baha berdik we özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyk"- diýen sözlerini getirýär.

Türkiýäniň Prezidenti, häzirki duşuşygyň köp meseleler boýunça Türkmenistan bilen pikirleriniň meňzeşligini tassyklandygyny aýtdy. Ärdogan: "Dünýäde we sebitimizde bolup geçýän wakalar, Türki döwletleriň guramasynyň howandarlygynda agzybirligimiziň ähmiýetini görkezdi" – diýip belledi. "Pursatdan peýdalanyp,Türkmenistany Türki döwletleri guramasynyň synçy agzasy, maşgala geňeşimiziň doly agzasy hökmünde görmek isleýändigimizi ýene bir gezek bellemek isleýärin" -diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Hindi kino festiwaly geçiriler

Aşgabatda Hindi kino festiwaly geçiriler

07:03 Awgust 08, 2026
Toyota-Beyik Yupek Yoly resmi hyzmat merkezinden ýörite teklip

Toyota-Beyik Yupek Yoly resmi hyzmat merkezinden ýörite teklip

06:07 Awgust 08, 2026
Bilelik Hub merkezindäki açyk gapylar güni Aşgabadyň ýaşaýjylaryny bilim, tehnologiýalar we jemgyýetçilik çygrynda birleşdirdi

Bilelik Hub merkezindäki açyk gapylar güni Aşgabadyň ýaşaýjylaryny bilim, tehnologiýalar we jemgyýetçilik çygrynda birleşdirdi

06:02 Awgust 08, 2026