Türkmenistan we Türkiýe hyzmatdaşlyk baradaky ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine gol çekdi


Penşenbe güni, 26-njy oktýabrda, Ankarada geçirilen türkmen-türk ýokary derejeli gepleşikleriň netijesinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça 13 resminama gol çekildi.
Hökümetara derejesinde şu resminamalara gol çekildi: tehniki düzgünleşdiriş, standartlaşdyrmak, laýyklygy bahalandyrmak, akkreditirlemek we metrologiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; meteorologiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ylalaşyk; ösümlikleri goramak we ösülikleriň karantini boýunça hyzmatdaşlyk Ylalaşygy; audiowizual önümlerini bilelikde öndürmek baradaky Ylalaşyk; ýaşlar we sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek üçin 2024-2026-njy ýyllar üçin ýaşlar syýasaty ugrundaky hyzmatdaşlygyň Hereket meýilnamasy.

Resminamalaryň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň arasynda medeniýet pudagyndaky hyzmatdaşlyk Ylalaşygy; Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministrligi bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň arasynda ulag we maglumat tehnologiýasy pudagyndaky gözleg we ösüş ugurlarynda hyzmatdaşlyk baradaky özara düşünişmek Memorandumy; Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim Geňeşi bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň arasynda ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek Memorandumy; Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Jemgyýetçilik gatnaşyklary bölümi bilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň arasynda metbugat pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek Memorandumy hem bar.

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşigi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda Türkiýe-Türkmenistan söwda we senagat edarasynyň forumyny döretmek barada özara düşünişmek Memorandumyny baglaşdy.
Türkiýe Respublikasynyň Kiçi we orta telekeçilgi ösdürmek we goldamak bermek guramasy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi kiçi we orta telekeçilik pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Hereket meýilnamasyny kabul etdiler.

Şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Işgärler müdirligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen adam serişdelerini dolandyrmak babatynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek Memorandumy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet arhiw müdirligi bilen we Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk Teswirnamasyna gol çekildi.
ORIENT news








