HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dostluk we özara düşünişmek şertlerindäki netijeli duşuşyk

Oktýabr 27, 2023 | 02:25 |12912
Ankarada geçirilen türkmen-türk gepleşiklerinde türkmenleriň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Hazaryň üsti bilen Türkiýä daşamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Tranzit pudagynda ýakyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ähmiýeti bellendi. Bu nukdaýnazardan taraplar, bar bolan transport koridorlarynyň täze taraplarynyň döredilmeginiň, esasan hem Hazar we Gara deňiz koridorlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin özara bähbitlidigini tassykladylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow muny Rejep Taýyp Ärdogan bilen gepleşikleriň ahyrynda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.Ankarada geçirilen türkmen-türk gepleşiklerinde türkmenleriň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Hazaryň üsti bilen Türkiýä daşamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Tranzit pudagynda ýakyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ähmiýeti bellendi. Bu nukdaýnazardan taraplar, bar bolan transport koridorlarynyň täze taraplarynyň döredilmeginiň, esasan hem Hazar we Gara deňiz koridorlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin özara bähbitlidigini tassykladylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow muny Rejep Taýyp Ärdogan bilen gepleşikleriň ahyrynda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.
Çeşme: karar.com

Ankarada geçirilen türkmen-türk gepleşiklerinde türkmenleriň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Hazaryň üsti bilen Türkiýä daşamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Tranzit pudagynda ýakyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ähmiýeti bellendi. Bu nukdaýnazardan taraplar, bar bolan transport koridorlarynyň täze taraplarynyň döredilmeginiň, esasan hem Hazar we Gara deňiz koridorlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin özara bähbitlidigini tassykladylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow muny Rejep Taýyp Ärdogan bilen gepleşikleriň ahyrynda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen dostluk we özara düşünişmek şertinde geçirilen duşuşygyň netijeliligini belläp geçdi. Sebitleýin we halkara syýasatyň möhüm meseleleri, esasan hem howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek we halkara gatnaşyklarynyň hilini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn söwdanyň göwrümini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi.

Iki ýurduň arasyndaky gepleşiklerden soň gol çekilen resminamalar syýasy, söwda we ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

23333.jpg

Bilelikdäki metbugat ýygnagyndan soň döwlet Baştutanlary özara sowgat alyşdylar. Ärdogan Serdar Berdimuhamedowa kangal tohumly itiň güjügini sowgat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bolsa, öz kärdeşine türkmen alabaý itiniň güjügini sowgat berdi.

3-1.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026