HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanyň bölek satuw zynjyry türkmen gök önüm öndürijisiniň önümleri bilen gyzyklanýar

Oktýabr 27, 2023 | 13:30 |7675
Gazagystanyň “Astana” diplomatik kluby, iň uly türkmen oba hojalygy önümlerini öndürijisi “Ýigit” HJ üçin Gazagystanyň esasy söwda we bölek satuw zynjyrlaryndan biri bolan Magnum Cash & Carry kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmak üçin Almaty şäherine sapar gurady.Gazagystanyň “Astana” diplomatik kluby, iň uly türkmen oba hojalygy önümlerini öndürijisi “Ýigit” HJ üçin Gazagystanyň esasy söwda we bölek satuw zynjyrlaryndan biri bolan Magnum Cash & Carry kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmak üçin Almaty şäherine sapar gurady.
Çeşme: «Ýigit» HJ

Gazagystanyň “Astana” diplomatik kluby, iň uly türkmen oba hojalygy önümlerini öndürijisi “Ýigit” HJ üçin Gazagystanyň esasy söwda we bölek satuw zynjyrlaryndan biri bolan Magnum Cash & Carry kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmak üçin Almaty şäherine sapar gurady.

Gepleşikler netijeli boldy. “Magnum” dükanlar zynjyrynyň wekilleri hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler we “Ýigit”-iň gök önümleriniň ýokary hilini bellediler. Ýyllyk gök önüm öndürmäge ýöriteleşen ýokary tehnologiýaly parnik desgasy, GDA-nyň teplisa pudagynda innowasion üstünlik hökmünde ykrar edildi.

Ýigit, kompaniýanyň önümleriniň hil, howpsuzlyk we ekologiýa boýunça iň ýokary standartlara laýyk gelýändigini tassyklaýan halkara Global G.A.P. şahadatnamasyny alan Türkmenistandaky ilkinji oba hojalyk önümlerini öndürijisidir.

“Astana” diplomatik klubynyň wezipelerinden biri Gazakystan bilen daşary ýurtly telekeçileriň arasynda öndürijilikli özara alyş-çalyş etmekdir.

Türkmen daýhanlarynyň Gazagystana eden sapary hem, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesi we “Astana” diplomatik kluby tarapyndan şu ýylyň oktýabr aýynyň başynda Gazagystandaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň kömegi bilen geçirilen gepleşikleriň çäginde gazanylan şertnamalaryň netijesinde mümkin boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026
BAE-de çägäden we hurma çigitlerinden wodorod almak usuly tapyldy

BAE-de çägäden we hurma çigitlerinden wodorod almak usuly tapyldy

18:12 Sentýabr 08, 2026