Koreý kompaniýasy düwnük keselini bejermekde ulanylýan enjamlary Türkmenistana getirer


Koreýa Repsublikasynyň "Celltrion Healthcare" kompaniýasy düwnük keseliniň bejergisinde ulanylýan lukmançylyk enjamlary Türkmenistana getirmek boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň yglan eden halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy.
Şeýlelikde, koreý lukmançylyk enjamlary kompaniýasy ýylyň ahyryna çenli "Truxima" (gandaky düwnüki bejermekde ulanylýar) we "Vegzelma" enjamlaryny Türkmenistana getirer diýip, "Financial News" neşiri ýazýar.
Biolukmançylyk bejeriş enjamlaryny öndürýän kompaniýanyň wekiliniň bellemegine görä, bu enjamlar hassalaryň saglygyny gowulandyrmakda özüniň netijeli täsirini ýetirer. Nygtalyşy ýaly, "Celltrion Healthcare" kompaniýasy ýokary bejerijilige we howpsuzlyga eýe bolan lukmançylyk enjamlary bilen dünýäde tanalýar.
ORIENT news








