"Gazprom" we Özbegistan Energetika hyzmatdaşlygy boýunça strategik hyzmatdaşlyga gol çekdiler


Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen halkara gaz forumynyň çäklerinde "Gazprom" açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleriň we Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudowyň arasynda iş maslahaty geçirildi.
Taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar. Hususan-da, gürrüň şu ýylyň oktýabrynda rus tebigy gazynyň Özbegistana iberilip başlanmagy barada boldy. Şunda "Merkezi Aziýa - Merkez" gaz geçirijisiniň binýadynda emele getirilen ýörite ugruň Özbegistanyň sarp edijilerini energiýa serişdesi bilen durnukly üpjün edilişindäki möhüm ähmiýeti bellendi. Bu güýz-gyş möwsüminde has-da wajyp ähmiýete eýedir.
Duşuşygyň barşynda Alekseý Miller we Žurabek Mirzamahmudow Energetika toplumynda strategik hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Resminama laýyklykda, taraplar tebigy gazyň iberilmeginde özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem uglewodorod ýataklaryny geologik gözleglerinde özara gatnaşyk etmäge meýillidikleri mälim edildi.
Peterburg halkara gaz forumy 31-nji oktýabr - 3-nji noýabr aralygynda geçirilýär.
ORIENT news








