HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti bank ulgamynyň işgärlerini gutlady

Noýabr 01, 2023 | 10:54 |3512
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurduň halkyny we bank ulgamynyň işgärlerini gutlady.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurduň halkyny we bank ulgamynyň işgärlerini gutlady.
Çeşme: cbt.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurduň halkyny we bank ulgamynyň işgärlerini gutlady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

"Bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly has köp zähmeti talap edýän işler awtomatlaşdyrylyp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligi artdyrylýar, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär, netijeliligi we hili ýokarlandyrylýar" diýlip, Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagynda nygtalýar.

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem, milli manadyň ykdysadyýetde dolanyşygynyň kämilleşmeginiň, tiz pul dolanyşygynyň bolmagy esasynda ykdysadyýetde täze önümçilikleriň sanynyň artýandygyny nygtady.

Bellenişi ýaly, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi babatda Türkmenistan dünýäde ýokary girdejili ýurtlaryň ortaça derejesine ýetdi. Bu bolsa ýurdumyzda amala aşyrylýan pul-karz, salgyt-býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň netijeliliginiň aýdyň görkezijisidir. Bu ýetilen sepgitleri Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki abraýly halkara guramalar tassyklaýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026
BAE-de çägäden we hurma çigitlerinden wodorod almak usuly tapyldy

BAE-de çägäden we hurma çigitlerinden wodorod almak usuly tapyldy

18:12 Sentýabr 08, 2026