BMG Arkadag şäherindäki «Dialog parahatçylygyň kepili» atly Ýaşlar forumynyň wekilleriniň ýüz tutmasyny çap etdi


2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Arkadag şäherinde geçirilen «Dialog parahatçylygyň kepili» atly Halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjylaryň ýüzlenmesi BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň we Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň resmi resminamasy hökmünde BMG-nyň alty resmi dilinde çap edildi. Bu barada BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy habar berdi.

«Dialog parahatçylygyň kepili» atly ýaşlar forumy Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan BMG-nyň Türkmenistandaky utgaşdyryjysysynyň edarasynyň we BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň işjeň gatnaşmagy bilen guraldy.
Gibrid formatda geçirilen bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň «Dialog parahatçylygyň kepili» diýlip yglan edilmegi rezolýusiýasynyň hemaýatkär döwletleriniň ýaş liderleri, aktiwistleri, talyplary, telekeçiler we täzelikçiler gatnaşdylar.
ORIENT news








