HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan we Hytaý tebigy gazyň eksporty boýunça şertnamany uzaltdylar

Noýabr 01, 2023 | 10:06 |5171
Gazagystanyň esasy gaz kompaniýasy “Nasionalnaýa kompaniýa QazaqGaz” paýdarlar jemgyýeti Hytaýyň PetroChina  nebitgaz kompaniýasy bilen  tebigy gazyň eksporty boýunça 2023-2026-njy ýyllar üçin täze şertnama gol çekdi.Gazagystanyň esasy gaz kompaniýasy “Nasionalnaýa kompaniýa QazaqGaz” paýdarlar jemgyýeti Hytaýyň PetroChina  nebitgaz kompaniýasy bilen  tebigy gazyň eksporty boýunça 2023-2026-njy ýyllar üçin täze şertnama gol çekdi.
Çeşme: ria.ru

Gazagystanyň esasy gaz kompaniýasy “Nasionalnaýa kompaniýa QazaqGaz” paýdarlar jemgyýeti Hytaýyň PetroChina nebitgaz kompaniýasy bilen tebigy gazyň eksporty boýunça 2023-2026-njy ýyllar üçin täze şertnama gol çekdi.

Uzaldylan şertnama laýyklykda, Gazagystandan Hytaýa her ýylda 10 milliard kubometre çenli gaz ugradylar.

“Häzirki wagtda “QazaqGaz” kompaniýasynyň HHR-a gazagystan gazyny ibermek boýunça eksport şertnamasy bar. Ozal möçberler ýylda 10 milliard kubometre çenrli mümkinçilik boýunça kesgitlenilýärdi diýip” Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýew habar berdi.

Gazagystanda tebigy gazyň gorlary 3,8 trillion kubometr möçberinde hasaplanylýar. Onuň esasy möçberleri dört iri känlerde--Karaçaganak, Tengiz, Kaşagan we Žanažol känlerinde jemlenendir.

“QazaqGaz” kompaniýasynyň çaklamalary boýunça 2030-njy ýyla çenli Gazagystanda tebigy gazyň sarp edilişi 40 milliard kubometre çenli ýeter. Geçen ýyl ýurtda gazyň sarp edilişi 21 milliard kubometre, onuň eksporty bolsa 5 milliard kubometre deň boldy.

Gazagystan gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrsa hem boljak ýaly, ýöne ýurtdaky ähli iri nebitgaz taslamalary önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşygyň çäklerinde amala aşyrylýar we häkimiýet daşary ýurt kompaniýalaryna täsir edip bilmeýär. Içerki bazarda tebigy gaz üýtgemeýän bahalardan sarp edijilere ýerlenilýändigi üçin daşary ýurt kompaniýalaryna Gazagystanyň içinde tebigy gazy satmak bähbitsizdir. Ýer gatlagyna gaz goýbermek arkaly alnan nebiti halkara bazarynda satmak has bähbitli bolup durýar.

“Samruk-Kazyna” döwlet gaznasynyň maýa goýum kompaniýasy bolan “QazaqGaz” ýylda 267,8 milliard kubometr geçirijilik ukyby bolan 76 müň kilometr gaz geçirijileri, şol sanda 20 müň kilometr esasy gaz geçiriji turbalary işledýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Hindi kino festiwaly geçiriler

Aşgabatda Hindi kino festiwaly geçiriler

07:03 Awgust 08, 2026
Toyota-Beyik Yupek Yoly resmi hyzmat merkezinden ýörite teklip

Toyota-Beyik Yupek Yoly resmi hyzmat merkezinden ýörite teklip

06:07 Awgust 08, 2026
Bilelik Hub merkezindäki açyk gapylar güni Aşgabadyň ýaşaýjylaryny bilim, tehnologiýalar we jemgyýetçilik çygrynda birleşdirdi

Bilelik Hub merkezindäki açyk gapylar güni Aşgabadyň ýaşaýjylaryny bilim, tehnologiýalar we jemgyýetçilik çygrynda birleşdirdi

06:02 Awgust 08, 2026