

Türkmen küştçüsi "Ýol we guşak" atly halkara ýaryşda ikinji orny eýeledi
Bu ýaryşa Hytaýdan, Mongoliýadan, Türkmenistandan we Gyrgyzystandan 27 türgen gatnaşdy. Olaryň 8-si grossmeýster, 6-sy halkara sport ussady we 2-si FIDE ussadydyr.


Bu ýaryşa Hytaýdan, Mongoliýadan, Türkmenistandan we Gyrgyzystandan 27 türgen gatnaşdy. Olaryň 8-si grossmeýster, 6-sy halkara sport ussady we 2-si FIDE ussadydyr.


Türkmen küşt oýunçysy, FIDE ussady Lala Şöhradowa, Italiýanyň Montesilwano şäherinde 18 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ilkinji onluga girdi. Mümkin bolan 11-den 7.5 utuk gazanyp, Lala 8-nji ýeri eýeledi we Elo reýtingini 180 dereje ýokarlandyrmagy başardy.


“Samsung” kompaniýasy içinde emeli intellekt ornaşdyrylan smartfonlary we ýönekeý telefonlary öndürmäge taýýarlyk görýär.


Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Bu barada “Türkmenistan:Altyn asyr” onlaýn gazeti habar berýär.


Raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün edýän standartlary gowulandyrmak maksady bilen, Gazagystanda gazballon enjamy bilen üpjün edilen awtoulaglaryň eýeleri öz awtoulag serişdelerine ýörite belgini ýelmemäge borçly edildi diýip, Tengrinews internet neşiri habar berýär.


Ýewropa täzeleniş we ösüş banky türkmen işewürlerini ýaşyl özgerişe ýardam bermek boýunça webinarlara gatnaşmaga çagyrýar.


Duşenbe güni, 27-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda tegelek stol geçirildi. Ol Gynamalara garşy konwensiýa (OPCAT) goşmaça teswirnamanyň hödürlenmegine bagyşlandy.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nikolaas Ýakob Shermersden ynanç hatyny kabul etdi.


27-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew bilen Niderlandlar Patyşalygynyň täze bellenen ilçisi (ýerleşýän ýeri, Astana ş.) Nikolaas Shermersiň arasynda gepleşikler geçirildi.


Türkmenistan bilen Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen parlamentara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri söhbetdeşligiň aýratyn ugry boldy.


Öňde Dubaýda geçiriljek howa meseleleri boýunça “COP-28” maslahatyna taýýarlyk görmek, hususan-da, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlygy hem-de bu ulgamdaky gatnaşyklary hukuk taýdan berkitmegiň mümkinçilikleri söhbetdeşligiň esasy meselesi boldy.


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew 27-nji noýabrda, Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň täze ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara ş.) Amar Belaniniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.


27-nji noýabrda, Kataryň medeniýet ministri Şeýh Abdulrahman ben Hamad bin Jassim bin Hamad Al Tani bilen Türkmenistanyň ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedowyň arasynda duşuşyk geçirildi.


28-30-njy noýabrda Aşgabatda azyk, gaplama we oba hojalyk önümlerine bagyşlanan “Agro-Pak Türkmenistan-2023” atly halkara sergisi geçiriler. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Sofuar” kompaniýasy tarapyndan guralýar.


26-27-nji noýabrda Aşgabatda Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gazak iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň degişli ulag ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.