Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

2023-nji ýylda TNGIZT-de nebitiň 4,5 million tonnadan gowragy gaýtadan işlenildi

Ýanwar 12, 2024 | 13:13 |5607
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň binýatlaýyn esasyny emele getirýän nebitgaz pudagy eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrýar.Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň binýatlaýyn esasyny emele getirýän nebitgaz pudagy eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrýar.
Çeşme: tngizt.gov.tm

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň binýatlaýyn esasyny emele getirýän nebitgaz pudagy eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrýar.

Bu işe “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) hem mynasyp goşandyny goşýar.

Bu zawodlar toplumynda häzirki zaman tehnologik enjamlarda nebiti gaýtadan işlemek arkaly benzin we dizel ýangyjy, çalgy ýaglary, polipropilen, suwuklandyrylan gaz we halkara standartlaryna laýyk gelýän başga-da köp sanly ýokary hilli nebithimiýa önümleri öndürilýär.

2023-nji ýylda zawodlar toplumynda 4 504 557 tonna “gara altyn” gaýtadan işlenilip, 1 395 602 tonna benzin, 428 867 tonna kerosin, 1 390 095 tonna dizel ýangyjy, 63 563 tonna polipropilen, 102 923 tonna suwuklandyrylan gaz hem-de 57 000 tonna çalgy ýagy öndürildi.

Zawodyň infrastrukturasy gaz turbinaly elektrik bekedini, deňiz suwuny süýjediji enjamlary, bug generatorlaryny, ulanyşdan soňky suwlary sowadyjylary, nasos beketlerini, goşmaça duralgalary, elektrik stansiýalary we beýleki kömekçi desgalary özünde jemleýär.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän ýokary hilli nebit önümleri Ýewropa, Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna eksport edilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026