Türkmen ilçisi BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýolbaşçysyna ynanç hatyny gowşurdy


Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew Guramanyň degişli düzüminiň ýolbaşçysy Tatýana Walowa ynanç hatyny gowşurdy.
11-nji ýanwarda geçirilen duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Gepleşiklerde Türkmenistanyň Guramanyň esasy gymmatlyklaryna we ýörelgelerine ygrarlydygy, şeýle hem Türkmenistanyň dürli halkara meýdançalarynda öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin ýakyn gatnaşyklary saklamak bilen bagly islegi beýan edildi.
BMG Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde öňe sürlen Türkmenistanyň başlangyçlary barada netijeli pikir alşyldy we bilelikde durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtyň özünde gatnaşyklary berkitmek we ýakyn wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi bilen bagly meselelere seredilip geçildi.
Şular bilen birlikde, beýik akyldar we şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramyny bilelikde bellemek meseleler, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli Gün tertibinde göz öňünde tutulan maksatlara ýetmekde ýaş nesliň ornuna bagyşlanan meseleler barada aýratyn bellenip geçildi.
ORIENT news








