Bokurdak şäherçesindäki mekdep we umumy ýaşaýyş jaýy 9 aýda gurlup ulanmaga berler


“Baýly gurluşyk” hususy kärhanasy Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça, Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzer hem-de gurar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň anna güni gol çeken Kararyna laýyklykda, Ahal welaýat häkimligine ýokarda ady agzalan hukusy kärhana bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk desgasynyň ýanaşyk ýerleri we inženerçilik düzümleri hem doly abadanlaşdyrylar.
Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak hem-de umumybilim berýän mekdebi we umumy ýaşaýyş jaýyny 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
ORIENT news








