HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjanly bilermen türkmen elektrik energiýasyny import etmegiň geljegine ünsi çekdi

Ýanwar 12, 2024 | 22:31 |5650
Azerbaýjanly bilermen Hazar Ahundowyň pikiriçe, türkmen energoulgamy örän baý kuwwatlyklara eýe bolup, ýurduň elektrik energiýasyny Azerbaýjana we Türkiýä ibermek üçin ähli mümkinçilikleri bar.Azerbaýjanly bilermen Hazar Ahundowyň pikiriçe, türkmen energoulgamy örän baý kuwwatlyklara eýe bolup, ýurduň elektrik energiýasyny Azerbaýjana we Türkiýä ibermek üçin ähli mümkinçilikleri bar.
Çeşme: pixabay.com

Azerbaýjanly bilermen Hazar Ahundowyň pikiriçe, türkmen energoulgamy örän baý kuwwatlyklara eýe bolup, ýurduň elektrik energiýasyny Azerbaýjana we Türkiýä ibermek üçin ähli mümkinçilikleri bar. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygyna berlen şeýle baha barada Caliber.az neşiriniň makalasynda bellenýär.

Bilermen soňky ýyllarda energiýa hyzmatdaşlygy pudagynda barha ösýän gatnaşyklara ünsi çekdi. Hususanda, Eýran bilen "swap" meýilnamasy boýunça "mawy ýangyjyň" iberilmegine möhüm orun degişlidir. Mundan başga-da, söwda dolanyşygynyň nebit pudagyna degişli bolmadyk ugurda oňyn ösüş bellendi. Hazarüsti we yklymüsti halkara ulag geçelgeleriniň emele gelmeginiň netijesinde söwda görkezijileri oňyn ösüşi başdan geçirýär.

Habarda bellenişi ýaly, Azerbaýjan bilen Aşgabadyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýene bir geljegi uly ugry Gara deňziň düýbünden "Black Sea Energy" atly suwasty elektrik geçirijisi arkaly elektrik energiýasyny eksport etmekdäki hyzmatdaşlykdyr. Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň we Wengriýanyň gatnaşmagynda bu taslama boýunça strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyna 2022-nji ýylyň 17-nji dekabrynda gol çekildi. 2023-nji ýylda Bolgariýa bu taslama goşuldy. Häzirki wagtda Serbiýa hem bu taslama gatnaşmaga taýýardyr. Başlangyç maýa goýum serişdesi 2,3 milliard dollar bolan taslama 2029-njy ýyla çenli taýýar ediler. Onuň uzynlygy 1,195 km bolup, 1000 MWt bolan energiýany geçirmäge ukyplydyr. Ol gaýtadan dikeldilýän energetika arkaly Azerbaýjandan Ýewropa elektrik energiýasyny ibermäge niýetlenendir.

Mundan başga-da, suwasty elektrik geçiriji köprüsini döretmegiň netijesinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň hem bu taslama gyzyklanma bildirýärler. Bu barada aýdanymyzda, Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda täze elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulandygyny bellemelidiris.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026