

Serdar Berdimuhamedow mekdep ýarmarkalaryny ilatyň isleglerine laýyklykda guramagy tabşyrdy
Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, etraplarynda, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinde däp bolan mekdep harytlarynyň söwda ýarmarkalary öz işine başlar. Söwda ulgamynyň okuwçylary we talyplary ähli zerur harytlar bilen üpjün etmäge taýýardygy barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew hasabat berdi
















