Aşgabatda Türkmenistanyň welosportçylary we Abu-Dabi welosport klubunyň türgenleri bilelikde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirerler


Aşgabatda Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň belli Abu-Dabi welosport klubunyň türgenleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy geçiriler. Halkara sport çärelerine taýýarlyk meseleleri anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň maksatnamasy Aşgabatdaky häzirki zaman ýokary tehnologiýaly sport desgalarynda geçiriljek güýçli ýol we trek türgenleşiklerini, şeýle hem tälimçiler we welosportçylar üçin ýörite okuw maslahatlaryny öz içine alýar. Esasy üns halkara tejribesini alyşmaga, sport taýýarlygynyň häzirki zaman usullaryny özleşdirmäge hem-de türkmen türgenleriniň ussatlygyny ýokarlandyrmaga gönükdiriler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtda köpçülikleýin sporty we ýokary netijeli sporty ulgamlaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutany ýaş zehinleri ýüze çykarmak we goldamak üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň möhümdigini beläp. öňde boljak okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek barada degişli tabşyryklary berdi.
BAE-niň welosport klubunyň bilen ýola goýulýan sport hyzmatdaşlygy Aşgabadyň Aziýanyň iri welosport merkezleriniň biri hökmünde barha berkeýän ornuny tassyklaýar. Munuň şeýledigine Olimpiýa şäherçesindäki Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) iň ýokary standartlaryna doly laýyk gelýän özboluşly ýapyk welodromyň bolmagy aýdyň subutnamadyr.






