HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Guterreş: Ýakyn Gündogar göz öňüne getirip bolmajak ýagdaýyň bosagasynda dur

Iýul 25, 2026 | 18:00 |783
Çeşme: orient.tm

Gapma-garşylyklar diňe bir ýerli çäklerden çykyp, biri-birini güýçlendirip başlanda, sebit bir uçgunyň hem yzygiderli reaksiýa döredip biljek serişdesine öwrülýär. Birleşen Milletler Guramsynyň Baş sekretary Antoniu Guterreş Ýakyn Gündogaryň diplomatiýanyň bulam-bujarlyga orun berýän, syýasy maksatlaryň bolsa gapma-garşylyklaryň özünde ýitip gidýän yzyna gaýtaryp bolmajak nokadyna golaýlaýandygyny duýdurdy. Emma onuň pikirine görä, bu agyr ýagdaýda-da umyt bar — eger taraplar giç bolmanka dialoga we ylalaşyga dolanyp gelseler, ýagdaýy üýtgetmek mümkin.

Antoniu Guterreş penşenbe güni jedelleri parahatçylykly ýol bilen çözmäge bagyşlanan Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli mejlisinde çykyş edip, sebitdäki gapma-garşylyklaryň sanynyň, çylşyrymlylygynyň, dowamlylygynyň we geriminiň artýandygyny aýtdy. Ol halkara hukugyna howply derejede äsgermezçilik edilýändigini, jezasyz galmak ýagdaýynyň ýaýraýandygyny we hukuk bozulmalarynyň jogapsyz galýandygyny belledi. «Ýagdaý gözegçilikden çykýar. Ol göz öňüne getirip bolmajak ýagdaýyň bosagasynda dur.

Sebit barha giňeýän gapma-garşylyklar halkasyna çekilýär. Bir krizis beýlekisini güýçlendirýär. Bir dartgynlygyň artmagy indiki dartgynlyga ýol açýar. Bu ýagdaý ýaýradygyça, syýasy maksatlar barha şol gapma-garşylygyň özi tarapyndan kölegede galýar» diýip, Antoniu Guterreş aýtdy. Ol Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyklaryň harby ýol bilen çözgüdiniň ýokdugyny belläp, diplomatiýanyň öňe barýan ýeke-täk ýoldugyny nygtady.

Birleşen Milletler Guramsynyň Tertipnamasynyň adamzat üçin parahatçylyga bolan iň gowy umyt bolup galýandygyny belläp, ol Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalaryny «nusga görkezmäge» çagyrdy. «Geosyýasy düşünişmezlikler hereketsizlik ýa-da ýüz öwürmek üçin sebäp bolup bilmez. Geňeş tarapyndan garalýan meseleleriň köpüsi çylşyrymly. Parahatçylyga eltýän iň gowy ýol — ylalaşyk gazanmak we umumy düşünişilýän nokatlary gözlemekdir. Men bu Geňeşiň ähli agzalaryny parahatçylyk üçin zerur bolan ylalaşyk ruhuny görkezmäge çagyrýaryn.

Gepleşik kanallaryny açyk saklaň we jedelleri parahatçylykly çözmek üçin ähli tagallalaryňyzy gaýgyrmaň, sebäbi bu guramanyň esasy ýörelgesidir» diýip, ol aýtdy. Şeýle hem Antoniu Guterreş BMG-niň araçylykdaky ornuny güýçlendirmäge çagyrdy we Howpsuzlyk Geňeşini jedeli diplomatik ýollar arkaly parahatçylykly çözmek üçin mümkin boldugyndan tiz wagtda çäreleri görmäge çagyrdy.

Ýakyn Gündogardaky dartgynlyk birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýär. Bu dartgynly ýagdaý bolsa diňe ynsanperwer krizisi has-da çuňlaşdyrýar. Birleşen Milletler Guramasy birnäçe gezek gapma-garşylykly bes etmäge çagyrdy, emma konfliktde bolan taraplar harby hereketlerini dowam etdirýärler.

“CCTV+”-niň habar berişine görä, Antoniu Guterreş syýasy erk we ylalaşyga gönükdirilen hakyky ädimler bolmazdan, sebitiň has giň gerimli gapma-garşylyklaryň has-da ýitileşmek howpunyň bardygyny aýtdy. Şeýle ýagdaýyň netijeleri bolsa diňe bir Ýakyn Gündogar bilen çäklenmän, onuň çäklerinden has uzak ýerlerde hem duýlar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026