HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan bilen Senagat guşaklygyny we Ýokary geňeşi döretmegi teklip etdi

Iýul 25, 2026 | 22:47 |1736
Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky strategik dialog uzak möhletleýin iri taslamalaryň derejesine çykýar. Şu ýylyň 24-nji iýulynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sebitdäki integrasiýanyň täzelenen binýadyny emele getirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlary beýan etdiAşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky strategik dialog uzak möhletleýin iri taslamalaryň derejesine çykýar. Şu ýylyň 24-nji iýulynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sebitdäki integrasiýanyň täzelenen binýadyny emele getirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlary beýan etdi
Çeşme: orient.tm

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky strategik dialog uzak möhletleýin iri taslamalaryň derejesine çykýar. Şu ýylyň 24-nji iýulynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sebitdäki integrasiýanyň täzelenen binýadyny emele getirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlary beýan etdi.

Iki ýurduň paýtagtlarynda ýerleşýän «Aşgabat» we «Daşkent» seýilgähleri, Amyderýanyň üstündäki köprüler hem-de serhetýaka bilelikdäki söwda merkezi ýaly dostlugyň we ykdysady hyzmatdaşlygyň eýýäm hereket edýän simwolaryna daýanyp, taraplar hyzmatdaşlygyň has çuňlaşdyrylan täze görnüşlerini döretmäge taýýarlyk görýärler.

Esasy ädimleriň biri hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda senagat-tehnologik guşaklygyny kemala getirmek boýunça taslamanyň üstünde bilelikde işlemegi teklip etdi. Bu platforma iki ýurduň öndürijilerine ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleri ýola goýmaga, eksporta gönükdirilen hem-de ýokary intellektual derejeli, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge mümkinçilik berer.

Ýene bir bir strategik ugur bolsa türkmen-özbek serhedinde uly ulag we logistika merkeziniň döredilmegi bolar. Bu desga Gündogar – Günbatar ugry boýunça esasy üstaşyr geçelge hökmünde göz öňünde tutulýar we Aziýa bilen Ýewropanyň ulag ulgamlaryny gönüden-göni baglanyşdyrmaga hyzmat eder.

Bu giň gerimli başlangyçlaryň ählisini institusional esasda berkitmek maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri «Türkmenistan — Özbegistan» Ýokary geňeşini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Täze geňeş bilelikdäki taslamalaryň utgaşykly durmuşa geçirilmegini üpjün eder hem-de iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary uzak möhletleýin we durnukly ösüş ýoluna çykarmaga ýardam berer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026