HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wladimr Putin: Ýylyň başyndan bäri Demirgazyk – Günorta geçelgesi boýunça ýük daşamalary 10% artdy

Iýul 26, 2026 | 04:53 |2690
2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda halkara ulag geçelgesi “Demirgazyk – Günorta” (HUG) boýunça ýük daşamalarynyň möçberi 10% artdy. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Omsk şäherinde geçirilen Russiýa bilen Gazagystanyň sebitara hyzmatdaşlyk forumynda çykyş edip, mälim etdi2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda halkara ulag geçelgesi “Demirgazyk – Günorta” (HUG) boýunça ýük daşamalarynyň möçberi 10% artdy. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Omsk şäherinde geçirilen Russiýa bilen Gazagystanyň sebitara hyzmatdaşlyk forumynda çykyş edip, mälim etdi
Çeşme: © Sergeý Sawostýanow / TASS

2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda halkara ulag geçelgesi “Demirgazyk – Günorta” (HUG) boýunça ýük daşamalarynyň möçberi 10% artdy. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Omsk şäherinde geçirilen Russiýa bilen Gazagystanyň sebitara hyzmatdaşlyk forumynda çykyş edip, mälim etdi. Bu barada TASS agentligi habar berýär.

Russiýanyň Prezidenti bu ugur boýunça ýük akymynyň durnukly ösýändigini belledi. Geçelgäni ösdürmekde Russiýa bilen Gazagystan işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Şol bir wagtyň özünde, Russiýanyň Gara we Baltika deňizlerindäki portlaryny, Arktikany, şeýle hem Sibiriň we ýurduň merkezi böleginiň senagat sebitlerini Gazagystanyň üsti bilen Türkmenistan we Eýran bilen baglanyşdyrýan gündogar şahasy aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistan üçin “Demirgazyk – Günorta” halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugry strategik ähmiýete eýedir. Ýurt Ýewraziýa ulag çatrygynyň aýrylmaz baglanyşdyryjy halkasy bolup çykyş edýär. Hut Türkmenistanyň çäginden we Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýol magistraly arkaly Pars aýlagyna hem-de Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykýan esasy gury ýer ýük akymlary geçýär.

Aşgabat serhetýaka we port infrastrukturasyny yzygiderli döwrebaplaşdyrýar, toplumlaýyn logistika hyzmatlaryny ornaşdyrýar hem-de makrosebitiň hyzmatdaşlary bilen çeýe nyrh syýasatyny ylalaşýar. Gündogar şahasy boýunça ýük daşamalarynyň barha artmagy Türkmenistanyň ygtybarly halkara logistika merkezi hökmündäki ýokary ornuny tassyklaýar. Bu bolsa Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda ýükleriň bökdençsiz üstaşyr geçirilmegini üpjün edýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

09:00 Sentýabr 17, 2026
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026