Türkmenistanda Maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görülýär


Türkmenistanda geçiriljek iri halkara çäreleriň biri bolan Türkmenistanyň Maýa goýum forumyna (TIF 2026) taýýarlyk işleri barha işjeňleşýär. toplumynyň durmuşa geçirilişiniň barşy Guramaçylyk çäreleriniň toplumynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow hasabat berdi.
Şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu iri möçberli forum Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny we maýa goýum taýdan özüne çekijiligini tanyşdyrmak üçin esasy meýdança bolar. Forumyň maksatnamasy milli ykdysadyýetiň iň möhüm ugurlaryny, şol sanda ýangyç-energetika pudagynyň strategik ösüşini, senagat toplumyny hem-de ygtybarly ulag-aragatnaşyk geçelgelerini döretmek meselelerini öz içine alar.
TIF 2026 forumynyň çäklerinde geçiriljek ara alyp maslahatlaşmalarda sanly we «ýaşyl» özgertmeleriň durnukly ösüşi höweslendirýän häzirki zaman ugurlaryna aýratyn orun berler. Bilermenler we halkara maýadarlar innowasion maliýe tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, oba hojalyk telekeçiligini ösdürmek, oba hojalygyny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmagyň usullary hem-de daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Şeýle hem söwdany höweslendirmek, hyzmatlar ulgamyny giňeltmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň mehanizmlerini ösdürmek hem-de abraýly halkara maliýe guramalaryndan maýa serişdelerini çekmek meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmak meýilleşdirilýär. Forumyň Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de daşary ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işine täze itergi bermegine garaşylýar.






